Her bir adam üçin ykdysadyýet barada gerek boljak maglumatlar

1580
Döwrebap adamyň gündelik durmuşynda telewizorda, radioda, internetde başga-da habar beriş serişdelerinde ykdysadyýet bilen bagly okaýan ýa-da eşidýän köp dürli soraglary bolýar, käbir ykdysady we maliýe temalara düşünmeklik üçin biziň taýýarlan adalgalarymyzyň üstünde durup geçeliň.

Ykdysadyýet - harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiligini olaryň paýlanyşyny​ we sarp edilişini öwrenýän jemgyýetçilik ylym. Ykdysadyýet mikro we makroykdysadyýet ýaly iki esasy ugurlara bölünýär. Mikroykdysadyýet - ykdysadyýete gatnaşyjy agentleriň aýry-aýrylykda özüni alyp barşyny, karar kabul edişini öwrenýär. Makroykdysadyýet - umuman ykdysady ulgamyň işleýşini öwrenýär.

Jemi içerki önüm (JIÖ​) – bir ýurduň belli bir döwrüň dowamynda köplenç bir ýylda öndüren önümleriniň we hyzmatlarynyň jemi bahasy. Bu islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ululygyny görkezýän esasy görkezijidir.

Inflýasiýa – sarp edilýän harytlaryň bahalarynyň geçen ýyla görä üýtgeýän depginini görkezýär. Bu görkeziji göterimde ölçenýär​. Meselem ýyllyk inflýasiýa 5 % bolsa - bu sarp ediş harytlaryň häzirki bahasynyň geçen ýyla görä 5 % ýokarlanýandygyny aňladýar.

Söwda balansy - bir ýurdyň beýleki ýurtlar bilen halkara söwda gatnaşygy ýa-da eksport we import amallarynyň görkezijisi.

Döwlet býujeti - bir ýurduň döwlete degişli bolan edara-kärhanalarynyň, gulluklarynyň, döwlet maksatnamalarynyň we ş​.m​. maliýe çaklamalaryny öz içine alýan resminama toplumy.

Isleg we Teklip kanuny - Bazarda haryt we hyzmatyň bahasy bu kanun esasynda düzgünleşdirilýär​. Eger isleg teklipden köp bolsa, önüm öndürijiler has köp önüm öndürmäge başlaýarlar we isleg bilen teklip deňleşýänçä​ bu dowam edýär. Eger teklip islegden köp bolsa, önüm öndürijiler islegiň azlygy sebäpli, az önüm öndürmäge başlaýarlar we isleg bilen teklip deňleşýänçä​ bu dowam edýär.

Işewürlik sikli (iňlis.business cycle​) – Bazar ykdysadyýetinde ýurduň önümçiligi, sarp edişligi, iş bilen üpjünçiligi we beýleki ykdysady görkezijileri 8 -10 ýylyň dowamynda galmagy ýa-da peselmegi netijesinde ýüze çykan özgeriş. Özgerme hereketi, adatça işjeň häsiýete eýe bolup, ykdysadyýetiň ösüp ugramagy bilen ýokary nokadyna ýetýär, soňra ösüş togtaýar we pese gaçyşlyk başlaýar. Belli bir döwürden soňra bolsa ýene-de ösüp​ başlaýar.

Maliýe institutlar - Ýurduň maliýe ulgamyna degişli bolan guramalar we edaralar. Maliýe ulgamyny emele getirýän guramalar.

Maliýe gurallar – bir tarapda bergi başga tarapda aktiw emele getirýän maliýe resminama. Meselem goýum, karz, gymmatbaha kagyzlar, ätiýaçlandyrma şertnamalary we ş​.m​. bularyň hemmesi maliýe guraldyr. Maliýe gurallary döredýänler maliýe institutlar hasaplanýar.

Maliýe krizisi – kompaniýanyň ykdysady ukybynyň pese gaçmaklygy, töleg kynçylyklaryna sezewar bolmagy.

Taryhy baha ýa-da ilkinji baha – aktiw (bir gymmatly zat) üçin ilkibaşda tölenen baha, başda satyn alynan baha hem diýilýär.

Bazar baha - aktiwiň (bir gymmat zadyň) şu günki günde bazarda alnyp satylýan bahasy.

Bazardaky kapitalizasiýa​ (iňlis. market capitalization​) – bazarda dolanşykda bolan obýektiň şu günki gündäki hasaplanan jemi bahasy. Meselem, Apple​ kompaniýasynyň bazardaky kapitalizasiýasy​ 2 trillion ABŞ dollaryna deň. Bu Apple​ kompaniýa degişli bütin dünýädäki aksiýalaryň şu günki bahasynyň jemi diýmekdir.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42